Gahryman Arkadagymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy mähirli garşylady.

Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek hödür edildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Aşgabada gelendigi üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Gyrgyzystanyň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek forumyň möhüm ähmiýeti barada aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn uly gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirildi.