Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň (KHDR) Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sin Hon Çhol bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda KHDR-iň Ilçisi türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Taraplar soňky ýyllarda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň has-da işjeňleşendigini bellediler. Bu duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şeýle-de, iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky yzygiderli hat alyşmaşlaryň Türkmenistan bilen KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklarda özara hormatyň we düşünişmegiň aýdyň beýanydygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.