Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Kristofer Dagganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, yzygiderli syýasy-diplomatik dialogyň möhümdigi hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň ýakynlygy nygtaldy.
Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bellenildi.
Halkara meýdançalarda özara gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini belläp, gürrüňdeşler BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw bermek tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, diplomatlar şu ýylda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek mümkinçiligine garadylar. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň maksadalaýyklygy hem bellenildi.