Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Hywa şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Atahallyýew, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň oba hojalygyny ösdürmek meseleleri boýunça geňeşçisi Ş.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň işine iki ýurduň suw serişdelerini dolandyrmak, irrigasiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň başlyklary öz çykyşlarynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynam, deňhukuklylyk we taraplaryň milli bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Taraplar diňe bir suw hojalyk ulgamynda däl-de, eýsem ykdysady, infrastruktura we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda hem netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga bolan umumy ymtylyşyň bardygyny nygtadylar.

 Şeýle-de, taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak ulgamyndaky durnukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, oba hojalygynyň durnukly ösüşini gazanmakda hem-de sebitde jemgyýetçilik-ykdysady durnuklylygy berkitmekde strategik ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler.

Mejlisiniň dowamynda taraplar suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw serişdelerine gözegçilik etmek we hasaba almak mehanizmlerini kämilleşdirmek, şeýle-de suw hojalyk pudagyndaky hünärmenleriň mümkinçiliklerini has-da ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem, howa şertleriniň üýtgemegine uýgunlaşmak we olaryň durnukly suw üpjünçiligine ýetirýän töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar hem ikitaraplaýyn geňeşmeleriň, hökümetara toparyň mejlisleriniň we bilelikdäki çäreleriň yzygiderli geçirilmegine, şeýle-de hyzmatdaşlygyň hukuk we institusional binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ygrarlydygyny tassyklady.

Mejlis işjeň ýagdaýda geçip, türkmen-özbek strategik dialogynyň yzygiderli we ulgamlaýyn häsiýetini aýdyň görkezdi. Mejlisiň ahyrynda taraplar Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.