Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde institutyň foýesinde hünär baýramyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanda yglan edilen 2026-njy ýylyň şygary bilen sazlaşykdaky atçylyk mowzugynda ýörite sergi guraldy.

Çärä Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy nygtaldy. Onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmeginiň, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işiniň, şeýle hem 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny we onuň ählumumy parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny tassyklaýandygy bellenilýär.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitro Şlapacenko, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlon hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň halkara hyzmatdaşlygynyň durnukly we adalatly ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň energetika we ulag arabaglanyşygy, ekologiýa diplomatiýasy hem-de halkara hukugyny pugtalandyrmak ugurlarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny goldamak arkaly işjeň çykyş edýändigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar globallaşma şertlerinde türkmen diplomatiýasynyň barha artýan ornuny, onuň parahatçylygy, ynanyşmagy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny bellediler. Döwlet Baştutanymyzyň goldawy netijesinde diplomatik gullugyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, onuň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylýandygy hem-de işgärler kuwwatynyň berkidilýändigi nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edip, diplomatik gullugy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin hoşallyk bildirdiler we milli bähbitleri goramak hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýylynyň tapawutlanan talyplaryna dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlary gowşuryldy.