Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna sapary başlandy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy.

25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda deňiz ulaglary we halkara gämiçilik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Ministr ulag ulgamyndaky halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň häzirki döwrüň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu ugurda Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasyny hem goşmak bilen, birnäçe halkara ýöriteleşdirilen düzümler bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurtda deňiz ulaglary babatyndaky halkara konwensiýalaryň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, gämiçilik howpsuzlygynyň häzirki zaman ülňülerini ornaşdyrmak hem-de halkara borçnamalary nazara almak bilen kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary münberinden ulag meseleleriniň diňe bir milli we sebit derejesinde däl-de, eýsem ählumumy derejede hem toplumlaýyn garalmagynyň zerurdygyny yzygiderli öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze görnüşini emele getirmäge gönükdirilen birnäçe Kararnamalary kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilendigi görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Halkara Deňiz Guramasy bilen konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we durnukly hem-de howpsuz deňiz aragatnaşygy babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

***

Şol gün Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda «Gurluşlaýyn dialogyň» açylyşy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Parlament boýunça orunbasary Hemiş Falkoner çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, «Gurluşlaýyn dialogyň» üçünji tapgyrynyň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Syýasy dialogyň hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depgininiň bardygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, hususan-da Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäklerinde bar bolan ykdysady mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň zerurlygy nygtaldy.

Bilim we medeniýet ulgamynda Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmäge bolan uly gyzyklanmanyň bardygy bellenildi hem-de degişli britan düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Saparyň dowamynda bu ugurlar boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde Ministr Owganystandaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň owgan halkynyň durmuş-ykdysady goldawyna gönükdirilen iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýändigini belledi. Sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

Şeýle hem häzirki zaman halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine, ýurduň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny, şeýle hem halkara jedelleriniň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Çäräniň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2026–2027-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.

Soňra degişli ugurlar boýunça bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikler dowam etdirildi.