img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan wekiliýetiniň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşmagy we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Forumyň çäklerinde bilim edarasynyň ýolbaşçysy ýokary derejeli ministrler dialogynda çykyş edip, irki çagalyk biliminiň Türkmenistanda adam kapitalyny kemala getirmegiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň strategiki esasy hökmünde çykyş edýändigini belledi. Şunda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, çagalaryň döredijilik we aň-bilim ukyplarynyň ösdürilmegine, şeýle hem mugallymlaryň taýýarlygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ministr ÝUNISEF bilen bilelikde durmuşa geçirilýän başlangyçlar barada habar berdi. Şol sanda 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap bäş ýaşly çagalar üçin ýarym günlük toparlaryň açylmagyny göz öňünde tutýan mekdebe taýýarlyk boýunça synag maksatnamasynyň işe girizilýändigi bellenildi. Şeýle hem inklýuziw bilimi ösdürmegiň, çagalaryň ösüş aýratynlyklaryny ir ýüze çykarmagyň we bilim edaralary, maşgala hem-de döwlet düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministriniň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Halid al-Anani bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, UNITWIN maksatnamasyna gatnaşmak, halkara akademiki gatnaşyklary giňeltmek we bilim ulgamynyň institusional binýadyny berkitmek bilim ulgamyndaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

ÝUNESKO-nyň Baş direktory Türkmenistanda alnyp barylýan işlere ýokary baha berip, olaryň yzygiderli we geljege gönükdirilen häsiýetini belledi, şeýle hem ýurduň halkara bilim dialogyna işjeň gatnaşýandygyny we Durnukly ösüş maksatlarynyň 4-njisiniň ýerine ýetirilmegine goşant goşýandygyny aýtdy.

Şol gün bilim boýunça ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini bilen hem duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ÝUNESKO bilen gatnaşyklary has-da berkitmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Duşuşygyň dowamynda sanly bilim, ömürboýy okatmak we häzirki zaman tehnologiýalaryny jogapkärli peýdalanmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝUNESKO-nyň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda ÝUNESKO kafedralaryny, assosirlenen mekdepleri ösdürmäge hem-de ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça instituty bilen gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berildi. 2025-nji ýylda Aşgabadyň goşulan ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna Türkmenistanyň gatnaşmagy hem bellenilip geçildi.

Stefaniýa Jannini Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary baha berdi. Ol bu özgertmeleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini, şeýle-de bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, inklyziw bilimi ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde gazanylan uly üstünlikleri aýratyn nygtady. Şeýle hem ýurtda döwrebap we bäsleşige ukyply bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen strategik ugruň üpjün edilmeginde döwlet ýolbaşçylarynyň orny aýratyn bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň mekdebe çenli we mekdep bilimi ministri Ezozhon Karimowa bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda mekdebe çenli we umumy orta bilimi ösdürmek, pedagogik kadrlar taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we döwrebap bilim usulyýetlerini ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara olimpiadalaryna gatnaşmagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şeýle-de iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we bilelikdäki maksatnamalary amala aşyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar bilim, ylym we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hem-de amaly gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.