img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, konsullyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri babatda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek we öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar konsullyk meseleleriniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.