img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, ählumumy we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Rafael Grossi Atom energiýasy boýunça halkara agentlikde Türkmenistanyň atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ýörelgelerine ygrarlydygyna ýokary baha berilýändigini, energetika we ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamynda öňdengörüjilikli syýasatynyň, halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygyny nygtady.

Duşuşykda soňky ýyllarda özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyna üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň atom energiýasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Agentligiň goldaw bermeginde Türkmenistaтda keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2026-2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak meselelerine garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary goldamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Olar üçin parahatçylykly atomdan peýdalanmak mümkinçiligi ösüşiň güýçli guraly bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň wekiliýetiniň geçen ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin Rafael Grossä minnetdarlyk bildirdi.

Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň we Türkmenistanyň agentlige agza bolmagynyň şanly seneleri bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda ýokary derejedäki sebit forumyny guramagy teklip etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada-da pikir alşyldy. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýäde durnuklylygyň we parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory Türkmenistan bilen degişli düzümiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu hyzmatdaşlygyň parahatçylygyň, ösüşiň hem-de geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigini nygtadylar.