img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

photo

Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy.

Forumyň geçirilýän ýeri bolan Hofburg köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzinger mähirli garşyladylar.

Şu gezekki forumyň gün tertibine “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegiň mümkinçilikleri, häzirki geosyýasy şertlerde energetika howpsuzlygy we dekarbonizasiýa bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň başynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen çärä gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenip, onuň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Soňra forumda çykyş etmek üçin Gahryman Arkadagymyza söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene, UNIDO-nyň Baş direktory Gerd Müllere, Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şu forumyň giň wekilçilikli düzüminiň dünýä ýurtlarynyň howa we energetika gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ozal toplanan tejribä, häzirki ýagdaýlaryň seljermesine esaslanyp, energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Bellenilişi ýaly, 20 ýyla golaý wagt mundan ozal Türkmenistan energetika howpsuzlygy boýunça giň köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak başlangyjyny ilkinji gezek öňe sürmek bilen, halkara hukuk binýadyna esaslanyp, bu prosesi yzygiderli we uzak möhletli esasda alyp barmak zerurlygyndan ugur aldy.

“Türkmenistanda tebigy gazyň esasynda wodorod energetikasyny ösdürip başlamaga girişmek arkaly bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen giňden işleşmäge taýýardyrys. Şunuň bilen baglylykda, 10 ýyllyk döwür üçin wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy Maksatnamany döretmek başlangyjyny teklip edýäris we biz BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga açykdyrys” diýip, Gahryman Arkadagymyz çykyşynda belledi.

Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir mowzugy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa, has giň manyda suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir. Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär. Ol häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar.

Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda iş alyp barýar.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri halkara Wena forumyny guraýjylara işlemäge döredilen amatly şertler üçin minnetdarlygyny bildirip, maslahata gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň belent taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine üstünlikli we netijeli işlemeklerini arzuw etdi.

Forumyň alypbaryjysy çuň many-mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini belledi.

Awstriýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wena şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.