Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.
Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Başlyk Si Szinpiniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hytaý wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan sapary üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň Başlygyna mähirli salamyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, ynanyşmak, hormat goýmak, milli bähbitleri hasaba almak ýörelgeleri köp ýyllaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady bolup durýar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komiteti we onuň kiçi komitetleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar giň ugurlary, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler. Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde binýat bolup çykyş edýändigi aýdyldy.
Söhbetdeşler umumy taryhy mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.