img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-de Seýşel Adalary Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen gelen, Seýşel Adalary Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Foruň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bu saparyň iki ýurduň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Diplomatlar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Bu babatda ýokary we iň ýokary derejedäki özara saparlaryň guralmagy esasy görkezijileriň biri bolup durýandygy bellenildi.

Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy ýurduň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Seýşel Adalary Respublikasyny Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmaga çagyrdy.

Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Hususan-da, bilelikdäki işewürlik forumlaryny, sergileri we ýarmarkalary geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem ulag, dokma senagaty we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara we sebit gün tertibine degişli meseleler barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ugur, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ulgamlary boýunça hyzmadaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli edaralaryň arasynda duşuşyklary guramak hem-de Aşgabat we Wiktoriýa şäherlerinde Medeniýet günlerini geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Seýşel Adalary Respublikasynyň arasynda özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.