img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi

photo

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi.

Myhman Türkmenistana ýene-de gelmäge hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň adyndan Döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Premýer-ministr Asadow Azerbaýjanyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde gazanylýan üstünliklere ýokary baha berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmana Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Ali Asadowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Arkalaşygyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutany mejlisiň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütleriň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigine we Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň häzirki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjany we olaryň doganlyk halklaryny köp asyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini nygtady. Bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Şeýle-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň berk syýasy erkiniň netijesinde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ilkinji nobatda, energetika, logistika, ulag ulgamlarynda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Prezident medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Premýer-ministr Asadow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialogyň ähmiýetini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Premýer-ministr Ali Asadow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, döwletara netijeli hyzmatdaşlygyň doganlyk iki halkyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.