img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi

photo

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini kabul etdi.

Aleksandr Turçin bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Belarus Respublikasynda Türkmenistana ygtybarly we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Aleksandr Turçine Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu mejlisiň işine gatnaşmagynyň Belarus Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Belarusuň arasynda dürli derejedäki gatnaşyklaryň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň dowam etdirilýändigini belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda senagat kooperasiýasynyň ösdürilýändigi, özara bähbitli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy. Köp sanly türkmen ýaşlary Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge, tejribe alyşmaga we döwrebap lukmançylyk usullaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Öz gezeginde, Aleksandr Turçin Türkmenistanyň Belarus Respublikasynyň ozaldan gelýän ýakyn hyzmatdaşydygyny, iki ýurduň birek-biregiň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.