Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi.
Türkmenistanyň Hemişelik wekili öz çykyşynda ýurdumyzyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we özara bähbitli esasda dolandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini, olary parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny belledi.
Çykyşda Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini pugtalandyrmaga, parahatçylyk we ynanyşmak pelsepesini ilerletmäge, energetika hem-de ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge, suw howpsuzlygyny berkitmäge, daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurlaryň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 32 Kararnamasynda öz beýanyny tapandygy bellenildi.
Şeýle-de çykyşda ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň ýurdumyzyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasata üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklandygy nygtaldy.
Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna hödürlenilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek, ynanyşmagy pugtalandyrmak, tebigy serişdeleri jogapkärçilikli dolandyrmak hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly BMG-niň işine mundan beýläk-de işjeň we netijeli goşant goşmaga taýýardygy tassyklanyldy.