img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde yzygiderli syýasy dialogyň hem-de konstruktiw özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar. Daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ekoulgamyny saklamak boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.