img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

photo

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ermenistan Respublikasynyň bu möhüm çärä gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň  döwlet Baştutany Ermenistanyň Premýer-ministriniň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine şahsy üns bermegine Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini nygtady. Arkalaşyga agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek we täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň häzirki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Myhmansöýerlik we GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Premýer-ministr Nikol Paşinýan şeýle uly forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň ýurduň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygynyň subutnamasydygyny belledi. Ermenistanyň Premýer-ministri Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň mähirli salamyny Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine ýetirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Ermenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine hem mähirli salamyny ýetirdi.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Baştutany Ermenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň ençeme ýyllaryň dowamynda halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýändiklerini nygtady. Munuň şeýledigine ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara özara goldaw berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutany köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýadyny özara ynamyň, hormat goýmagyň, açyklygyň we milli bähbitleriň nazara alynmagynyň düzýändigini nygtady.

Hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň ýokary derejedäki işjeň syýasy dialog bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellenildi. Dialogy pugtalandyrmakda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ermeni hökümetara toparyna aýratyn orun degişlidir. Bu topar möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup çykyş edýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze geljegi uly başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Hyzmatdaşlygy ösdürmekde medeni-ynsanperwer ulgama hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan Medeniýet günlerini, tematik sergileri we bilelikdäki ylmy forumlary geçirmek arkaly bu gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär. Bu bolsa iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam eder.

Türkmenistanyň energetika we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, şeýle hem ynsanperwer dialogy yzygiderli çuňlaşdyrmaga ýardam bermäge taýýardygyny belläp, Prezident iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Nikol Paşinýan döwletara netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, biri-birlerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.