TÜRKMENISTANDA SPUNLACE WE SPUNBOND DOKALMAÝAN MATALAR ÖNDÜRILER

Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda”spanleýs” dokalmaýan matanyň we geljekde “spanbond” tehnologiýa boýunça sintetiki matanyň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Pudagyň hünärmenleri Spunlace tehnologiýasy boýunça matalary çykarýan kärhananyň gurluşygyna potratçyny saýlamak üçin bäsleşik geçirýärler.
Spunlace – munuň özi ýelim ulanylmazdan süýümleri (sapaklary) ýokary basyşly suw çüwdürimi bilen syk sepleşdirmek arkaly dokalmaýan mata önümçiliginiň tehnologiýasydyr. Netijede ýokary gigroskopik sypata eýe bolan üpürjiksiz ýumşak mata alynýar.
Mikroorganizmleriň adam tenine siňmegine päsgel berýän ýokary sypatlary (pagtanyňkydan we zygyryňkydan 60 % ýokary) ony lukmançylykda we kosmeteologiýada, şeýle hem durmuş hajatlary üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.
Matanyň tekizligi ondan tamponlary, hirurglaryň ýektaýlaryna, egin-eşikler, hirurglar üçin toplumlary we beýleki önümleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Onuň düzüminde arzan çig malyň bolmagy bu önümi has islegli haryda öwürýär. Mundan başga-da, “spanleýsiň” düzüminde pagta bar bolsa, onda suw çüwdürimli berkidilen dokalmadyk şeýle matany ençeme gezek ýuwsa bolýar, ol reňki gowy alýar.
“Spanleýs” usuly bilen alynýan mata üçin köplenç wiskozadan, poliefirden, polipropilenden, sellýulozadan, pagtadan alynýan süýümler çig mal hökmünde ulanylýar. Hususan-da, türkmen dokmaçylary egirme önümçilginiň arassalanan we agardylan galyndylaryny ulanmagy göz öňünde tutýarlar.
“Spanbond” matasynyň önümçiliginde çig mal hökmünde Gyýanlydaky polimer zawodynda çykarylýan polipropilen ulanmak göz öňünde tutulýar. Inçejik polipropilen sapajyklaryndan ybarat gyzgynlyk bilen berkidilen dokalmaýan bu mata bir gezek ulanylýan egin-eşikleriň önümçiliginde peýdalanylar. Bioinertligi, berkligi we bahasynyň elýeterligi onuň artykmaçlygydyr.
Dokalmaýan “spanbond” matalaryň önümçilginiň özboluşlylygy we fizika-mehaniki sypatlarynyň köpgyraňlygy sebäpli olar senagatyň dürli pudaklarynda: agrodokma önümleri, ýeke gezek ulanylýan egin-eşikler, şol sanda lukmanlaryň bir gezek ulanylýan egin-eşikleri öndürilende giňden ulanylýar, gurluşyk membranalarynyň we çyglyk saklaýan serişdeleriň esasy düzümidir, ýeňil senagatda furnitura-gaplaýyş serişdeleri hökmünde, örtükleri, torbalary we ş.m. önümleri taýýarlamakda ulanylýar.
Şu matalar zenanlar we çagalar gigiýena serişdelri, lukmançylyk edaralarynyň bir gezek ualnylýan egin-eşikleri, kosmetologiýa salonlary üçin ulanylyp bilner.
Şeýle hem ýörüteleşdirilen eşikler üçin sintetiki matalaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. “Spanbond” dokalmaýan matalar kowrolin önümçiliginde hem ulanylyp bilner. Olar has berk, dykyzlygy pes, gipoallergen sypatlary bilen tapawutlanýarlar.