img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HÖKÜMETARA TÜRKMEN-KATAR TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMI TASSYKLADY

photo

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklady (turkmenistan.gov.tm)