img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

HORMATLY PREZIDENTIMIZ TÜRKMENISTANYŇ 2021 – 2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI TOKAÝ MAKSATNAMASYNY TASSYKLADY

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Rejelenen görnüşdäki Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Resmi habar (turkmenistan.gov.tm)