img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MONGOLIÝANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Uhnaagiýn Hurelsuha tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Mongoliýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)