img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARA DIPLOM GOWŞURYLDY

photo

Türkmenbaşyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisi işini tamamlady.

Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistanyň wekiliýetleri bilen bilelikde alanyňda, sergä gatnaşan 90 şereketiň hemmesine halkara diplomlary gowşuryldy.

Serginiň çäginde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar, işewür forumlar, birža söwdalary, pikir we tejribe alyşmak geçirildi. Foruma gatnaşyjylar has netijeli hyzmatdaşlyga we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda şuňa meňzeş sergileri geçirmäge umyt baglaýandyklaryny aýtdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Halkara sergisine gatnaşyjylara diplom gowşuryldy (turkmenistan.gov.tm)