img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISINI WEZIPESINDEN BOŞATDY

photo

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Şeýle-de, Şöhrat Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçisini wezipesinden boşatdy (turkmenistan.gov.tm)