img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 2 MILLION 391 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Irlandiýanyň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 391 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Şotlandiýanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 8 million 322 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we distillirlenmedik pagta soapstogynyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 391 müň dollaryndan gowrak boldy (turkmenistan.gov.tm)