img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ASTANABABA OBASYNYŇ ÝENE BIR ÝADYGÄRLIGI – KYRK GÜMMEZ MEDRESESI

photo

Astanababa obasynyň ýene bir ýadygärligi Kyrk gümmez atly Akmuhammet işanyň medresesidir. ХVII – ХIХ asyrlar aralygynda gurlan medrese halk binagärligi ýörelgesi esasynda bina edilipdir.

Oba ilaty Alamberdaryň aramgähi bilen Zubeýdanyň guburynyň arasyndaky medresäni agtaryp başlanda onuň bir gümmezi ýerden ýokary galyp durdy.

Gönüburçly bina talyplaryň hüjrelerinden we gümmezli medreseden ybarat bolupdyr, ol şol bir wagtyň özünde metjit bolubam hyzmat edipdir. Şol döwürdäki türkmen mimarlarynyň beýleki binalary ýaly medrese tutuşlygyna çig kerpiçden gurlup, oňa suwag urlupdyr. Şol döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň bolmanlygy sebäpli ussat gurluşykçylar tapdyrmandyr. Gurluşygyň hiliniň pesligine garamazdan, Akmuhammet işan medresesi öňküleriň nusgasyna eýerilip gurlupdyr. Biziň günlerimizde az-kem rejelenen bu bina türkmen binagärliginde özüne mynasyp orun tutýar.

Astanababa obasynyň ýene bir ýadygärligi -- Kyrk gümmez medresesi (turkmenistan.gov.tm)