img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DOKMA SENAGATY MINISTRLIGINE «DOKMAHYZMAT» DÖWLET KÄRHANASY BILEN ŞERTNAMA BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri dowam etdirmek hem-de döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine Aşgabat şäheriniň Seýdi köçesiniň ugrunda bu ministrligiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Dokmahyzmat” döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we binany 2024-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Dokma senagaty ministrligine «Dokmahyzmat» döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi (turkmenistan.gov.tm)