SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ORTA MEKDEPLERINIŇ UÇURYMLARYNA, MUGALLYMLARYNA WE ÄHLI BILIM IŞGÄRLERINE
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban uçurymlar! Sizi uly joşguna we şatlykly pursatlara beslenýän «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz bagtyýar ýaşlarymyzdan beýik işlere garaşýarys. Şoňa görä-de, döwrebap mekdepleri we bilim-terbiýe beren mugallymlary bilen hoşlaşyp, tolgundyryjy hem-de ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýän mähriban uçurymlara täze durmuş ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin! Hemişelik Bi...
«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XIX KÖPUGURLY HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda äh...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanlary ruhy päklik we ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Abdel Fattah Al-Sisi, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, raýdaşlygy we hoşniýetliligi rowaçlandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli däplerimize laýyklykda giňden bellenýän Oraza baýramynyň dabaralarynyň kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkyn...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Belizden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gruziý...
ÝURDUMYZYŇ MEKDEBE ÇENLI EDARALARYNYŇ IŞI KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek baradaky meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan maksatnamasy Çaganyň irki ösüşi boýunça milli maksatnamanyň dowamy bolup, ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNISEF-niň hem-de BMG-ni...