SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda
2024-nji ýylyň 16-17-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasyna bardy. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar. Saparyň çäklerinde A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok, Slowa...
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-gazak g...
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň w.ý.ý. molla Hidaýatulla Badri bilen duşuşdy. Ilkibada H.Öwezow molla H.Badrini Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň w.ý.ý. hökmünde bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp m...
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. möwlewi Amir Han Mottaki bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň hem-de Hyrat şäherindäki “Nur-ul Jehad” elektrik bekediniň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijesinde Türkm...
Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda abraýly halkara guramasynyň ýolbaş...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...
UNECE-iň Sebitleýin geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Sebitleýin geňeşçisi Mario Apostolowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen UNECE-iň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çägindäki hyz...