SOŇKY HABARLAR
IZMIR MILLI KITAPHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT WE DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş.) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş.) tаrаpyndаn Izmir şäheriniň Konak etrap häkimligi bilеn bilеlikdе Izmir milli kitaphanasynyň edаrа binаsyndа Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan we halkymyza sowgat edilen “Paýhas çeşmesi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk doganl...
YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda, Yslamabat şäheriniň Marriott myhmanhasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Brifinge gatnaşyjylara 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy my...
TÜRKMENISTANDA KORONAWIRUSA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI GÜÝÇLENDIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen iş mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow keselleriň öňüniň alynmagy hem-de ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça ähmiýetli görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, keselleriň öňüni almaga hem-de ilata edilýän...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.B.Kowusow hakynda Polisiýanyň podpolkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusowy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwa...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.K.Amanow hakynda Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwary. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.K.Amanow hakynda Polisiýanyň general-leýtenanty Çarymyr...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meselelere seredildi, 2020-nji ýyl üçin bu edaralaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňe...