SOŇKY HABARLAR
ERTEKÄ KREATIW SYÝAHAT: BAŞ DRAMA TEATRYNYŇ TÄZE ÝYL PREMÝERASY
Baş drama teatrynyň döredijilik işgärleri ýaşajyk tomaşaçylar üçin Täze ýyl spektaklyny döretmäge özboluşly çemeleşipdirler. Teatrda çagalar üçin «Robotjyk atly kümüşsow syçanyň Täze ýyl gijesi dünýä syýahaty» atly fentezi-mýuzikl sahnalaşdyryldy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýyl Gündogar täleýnamasyna laýyklykda ak syçan ýyly, türkmen çagalarynyň ýanyna ýetmek üçin spektaklyň baş gahrymany – kreatiw, oňyn pikirli, mehaniki syçanjyk dünýä ýüzüne uzak we gyzykly, üstesine-de aýdym-sazly syýahat etm...
GURLUŞYK SENAGATYNYŇ ÖSDÜRILMEGI — ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ ARTDYRYLMAGY
?Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy žurnalynyň nobatdaky sanynda okyjylara belli türkmen alymlarynyň, şeýle hem ýaş hünärmenleriň ylmy, syn-seljerme hem-de maglumat, aň-bilim häsiýetli makalalary hödürlenilýär, olar binagärlik-şähergurluşyk işleriniň möhüm meselelerine bagyşlanýar. Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permany bilen açylýar, oňa mill...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «HALDOR TOPSOE» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzeni kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýakynda bellenilip geçilen Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän Täze, 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady. Jenap Býorn Stefan Klauzeniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplum...
ASTRAHANDA TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝATY MERKEZI AÇYLDY
20-nji dekabrda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) Türkmen dili we edebiýaty merkezi işläp başlady. Astrtahan döwlet uniwersitetinde hereket edýän merkeze türkmenistanly mugallym Resul Şajyýew ýolbaşçylyk edýär. Türkmen halkynyň taryhy mirasyny, medeni ýörelgelerini, edebiýatyny, umuman türkmen-russiýa ynsanperwer hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen dürli çäreleri guramak –Merkeziň işiniň wajp ugurlarynyň biridir.
DAŇATAR ÇARYÝEW: ŽIWOPIS USSATLYGYNYŇ DÜRLI UGURLARY
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Daňatar Çaryýewiň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli nakgaşyň eserleiniň özbaşdak sergisi guraldy. Žiwopisçi: -Bu sergi meniň döredijilik gözleglerimiň neijesi. Eserlerimi kärdeşlerime we sungat muşdaklaryna hödürlänimde olar nähili baha bererkäler diýip biraz tolgunýaryn – diýip, ol giriş sözünde aýtdy. Suratlar awtor barada köp zat aýdyp biler. Mysal üçin, Gökje obasynda doglup, öz iliniň gözelligine aşyk bu nakgaş ö...
SKRIPKAÇY, ALTÇY WE PIANINOÇY ZENAN KONSERT BERMEGI NIÝET ETDILER...
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda nusgawy sazlaryň konserti boldy. TMK-nyň ýaş mugallymlary, zehinli sazandalar – pianinoçy Bahar Annadurdyýewa, skripkaçy Bahram Dolyýew, altçy we kirişli saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy Tahyr Ataýew dagy ýewropaly barokko hem-de romantizm eýýamlarynyň kompozitorlarynyň eserleri bilen tanyşdyrdylar. Konsert Bahram Dolyýewiň çalmagynda Iogann Sebastýan Bahyň Skripka üçin partita solo №2 sazy bilen açyldy. Gaýgy-aladasyz,...
S.A.NYÝAZOWY HATYRALAMAK ÇÄRESI
Şu gün paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy. Watan öňünde uly hyzmat bitiren şöhratly ogullaryny, edermen ata-babalaryny, gurban we şehit bolanlary ýatlamak halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän, gadymdan gözbaş alýan hem-de häzirki wagtda baýlaşdyrylýan asylly däpleriň biridir. Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty netijesinde ynsanperwer maksatlaryň e...