img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLADY

2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Türmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlandy. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşar. 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda, ýagny Türkmenistanyň GDA başlyklyk edýän ýylynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde bu resmi däl görnüşdäki duşuşygy geçirmeklik ylalaşyldy.

DOWAMY
pic
19 Dek

GAZAGYSTANDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-19-njy dekabrynda Almaty şäherinde “Suw serişdelerini durnukly dolandyrmak ulgamynda innowasion ýollar we çözgütler hem-de olary Merkezi Aziýanyň şertlerinde ulanmak mümkinçiligi” atly sebitleýin maslahat geçirildi. Maslahatda suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynyň 150-den gowrak bilermenleri ýygnandylar we onuň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri, döwlet edaralarynyň, suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynyň ygtyýarly wekilleri, alymlar, bilermenler, halkara mal...

DOWAMY
pic
19 Dek

EFIOPIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) jenap Girma Temesgen Barkessa bilen duşuşyk geçirildi.   Ilçi Türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmakda ähli tagallalary etjekdigine taýýarlygyny bildirdi. Öndürijilik...

DOWAMY
pic
19 Dek

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESINI WAGYZ ETMEK BABATDA WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Şeýle hem çärä hormatly ýaşulular, professor mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Forumyň ma...

DOWAMY
pic
18 Dek

RESMI HABAR

?Telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet minist...

DOWAMY
pic
18 Dek

RESMI HABAR

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2...

DOWAMY
pic
18 Dek

ŽENEWADA SPECA ÝURTLARYNYŇ ILÇILERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Türkmen otagynda şu ýylyň 18-21-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) “Aşgabatdaky SPECA günleriniň” netijelerini hem-de onyň Gaznasynyň döredilmeginiň mümkinçilikerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary O.A...

DOWAMY