SOŇKY HABARLAR
Özbegistanyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-niň baştutanyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Söhbetdeşl...
Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ermenistan Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklary mun...
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belled...
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşindäki Daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitara...
Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Howanyň üýtgemegi şertlerinde Azyk howpsuzlygy boýunça maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropadaky Sebitleýin býurosynyň Direktory Arnold Kreýlhuberiň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ge...
Türkmenistan Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň 28-nji ýörite mejlisine gatnaşdy. Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama ýolbaşçylyk edýän türkmen tarapy synçy hökmünde gatnaşmaga çagyryldy. Mejlisiň dowamynda Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş sekretary çyk...
Aşgabat şäherinde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleri, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlyg...