img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti As...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler wagtyň synagyndan geçen köpugurly türkmen-...

DOWAMY
pic
31 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär....

DOWAMY
pic
31 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga çakylyk...

DOWAMY
pic
28 Maý

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary guramaçylyk-protokol häsiýetli meseleleriň giň toplumy, şeýle-de BMG-niň Deňze çykalga...

DOWAMY
pic
26 Maý

Türkmenistan bilen Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynda, başga halkara düzümlerde we görnüşlerde bi...

DOWAMY
pic
24 Maý

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Bu gezekki duşuşygyň gün tertibine şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak girizildi....

DOWAMY