SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-GYRGYZ IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz özarahereketleriniň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, Ý...
TÜRKMENISTAN WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY: ÖZARAHEREKETLERIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligindäki, şeýle hem ykdysadyýet we durmuş taýdan ösüş ulgamlaryndaky gazananlaryny aýratyn belläp geçdi...
AŞGABATDA GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Ra...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 70-nji sessiýasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň (MHG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň MHG-nyň Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada belläp geçdiler. Bosgunlaryň we r...
NAÝYPDA GAZY GAÝTADAN IŞLEÝÄN ENJAM DÖWREBAPLAŞDYRYLÝAR
Lebabyň suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça önümçilik müdirliginiň işgärleri Naýypda we Bagajada gazy gaýtadan işleýän enjamlaryň işe girizilen gününden bäri Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodyna 1,5 million tonnadan gowrak uglewodorod kondensatyny iberdiler. SNGIZ-de bu strategik çig maldan dünýä bazarlarynda islegli ýokary hilli açyk reňkli nebit önümleri çykarylýar. Gazy gaýtadan işleýän konweýeriň işe girizilmegi bilen Naýypda we Bagajada gazy gaýtadan işlemekden alynýan millionlarça...
«MARYAZOT» ÖB-NDE SUWUK KAUSTIKI SODA ÇYKARMAGA GIRIŞILDI
?Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň «Maryazot» önümçilik birleşiginde islegli reagent bolan suwuk kaustiki soda çykarylyp başlandy. Natriý gidroksidi (ýiti natr) köp ýerde: dokma senagatynda wiskoza ýüpegini taýýarlamakda we matalary agartmakda, durmuş himiýasy serişdelerini öndürmekde, lukmançylykda we farmasewtikada, jemagat hojalygynda (suw çykarmakda we ony arassalamakda), şeýle hem dürli enjamlaryň, detallaryň, inwentarlaryň garyşyk hapalaryny aýyrmakda ulanylýar. Şu islegli reagenti öndü...
TÜRKMENISTANDA DÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNYŇ ÖŇDEBARYJYLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergi we maslahat açyldy. Hazaryň kenarynda her ýyl geçirilýän foruma Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanalarynyň hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen, Awstriýadan, Germaniýadan, Bolgariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Kanadadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen 70-e golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Häzirki döwürde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek ug...