RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Astanadaky “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi

Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi. “Alem.AI” emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar. Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň we sanlylaşdyrmagyň Türk...

DOWAMY
pic
26 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglandy

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn ornuny nyg...

DOWAMY
pic
26 Noý

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçi...

DOWAMY
pic
25 Noý

Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we olaryň ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyg...

DOWAMY
pic
24 Noý

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guralan çäre

2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
pic
22 Noý

Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Dabaraly kabul edişlige Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň baştutanlary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyg...

DOWAMY
pic
20 Noý

Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bekiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigi belle...

DOWAMY