SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ŞYPAHANA HYZMATLARY DÜNÝÄ DEREJESINE ÇYKÝAR: «BAÝRAMALY» ŞYPAHANASY
Häzir Türkmenistanyň şypahana-sagaldyş ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sazlaşykly ösdürilýär. Baýry şypahanalaryň durky täzelenýär. Olaryň täze binalary gurulýar, dünýä standartlary derejesi üpjün edilýär. Baýramaly şypahanasy Türkmenistanda iň meşhur şypahanalaryň biridir. Bu ýerde diňe bir türkmenistanlylar däl-de, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän adamlar saglygyny berkidýärler. Bu şypahana Merkezi Aziýada we Ýewropada ýeke...
AŞGABATDA KANUNYŇ HÖKMÜROWANLYGYNYŇ ÝÖRELGELERINE LAÝYKLYKDA TERRORÇYLYK IŞINE GARŞY DURMAK BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEMINARY GEÇIRILDI
Aşgabat şäherinde geçirilen we 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda tamamlanan iki günlük okuw maslahatynyň maksady – kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine laýyklykda terrorçylyk işine garşy durmak üçin jenaýat-hukuk çäreleriniň güýçlendirilmegi bolup, ol degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem adwokaturanyň 30-dan gowrak işgärlerini özünde jemledi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ÝHHG-niň Sekretariatynyň Terrorçylyga garşy bölüminiň Transmilli wehimlere garşy göreşmek Departamenti bilen birlikd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiz Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna...
AZIÝA ÇEMPIONATY — 2020-NIŇ SAÝLAMA OÝUNLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN FUTZALÇYLARYNYŇ BÄSDEŞLERI KESGITLENILDI
Şu gün Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň paýtagtyndaky edara binasynda futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň saýlama oýunlarynyň bije atyşlygynyň jemleri boýunça Eýranyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Türkmenistanyň toparynyň bäsdeşleri bolar. Saýlama oýunlarynda çäk taýdan ýerleşişi boýunça 31 topar 4 zolaga bölündi. Türkmenistan öz toparyndaky bäsdeşleri bilen Merkez we Günorta zolagynda «B» toparçany düzdi. «A» toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ ULAG ULGAMYNY DÖWREBAPLAŞDYRÝAR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň düzümindäki wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy. Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýän...
«HAZAR» TÜRKMEN-ASTRAHAN HABARLAR KITAPÇASYNYŇ BIRINJI SANY ÇAP EDILDI
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan welaýatynyň Hökümeti bilen birlikde «Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çap edildi. Kitapçanyň birinji sany Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumyny (BHYF)...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina etrabynda gurlan uzynlygy 10 kilometr bolan demirýol böleginiň dabaraly açylyşy, şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar Akina-Andhoý täze demirýol şahasynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag we senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjy...