SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN IMMUNIZASIÝA ULGAMYNDA ÝETEN ÝOKARY GÖRKEZIJILER ÜÇIN ÝUNISEF-IŇ ŞAHADATNAMASYNA MYNASYP BOLDY
Türkmenistanyň immunizasiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ÝUNISEF tarapyndan ýokary baha eýe boldy. 2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda, saglygy goraýyş boýunça geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Immunizasiýa boýunça milli maksatnama arkaly durmuşa geçirilýän immunizasiýa ulgamynda gazanylan ýokary görkezijiler üçin Şahadatnamasyny...
ACCORDING TO THE RESULTS OF THE INTERNATIONAL FORUM "HEALTH-2019" BILATERAL DOCUMENTS WERE SIGNED
An important outcome of the first day of the international forum "Health-2019" was the signing of memorandums and cooperation agreements between the Ministry of Health and the Medical Industry of Turkmenistan and the relevant institutions of the Russian Federation and Israel. Thus, a Memorandum of Understanding was concluded between the International Educational and Scientific Center, the Scientific and Clinical Center for the Health of Mother and the Child, and the Scientific and Clinical On...
TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRELER GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Saglyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäklerinde lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi. Çäräniň açylyş dabarasy baýramçylyk ruhuny artdyran döredijilik toparlarynyň çykyşlaryndan başlandy. Dabarada myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriň wekilleri, da...
DÖWLET BAŞTUTANY OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINIŇ TÄZE TAPGYRYNY IBERMEK BARADA BUÝRUGA GOL ÇEKDI
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganyst...
TÜKMEN-BAHREÝN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY
Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bahreýn toparynyň Türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ TAPAWUTLANAN IŞGÄRLERINE «TÜRKMENISTANYŇ HALK LUKMANY» ADY DAKYLDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly ady dakmak hakynda Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda döwlet ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Merdana halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeler ata Watanymyzy ösüşleriň has ýokary belentliklerine çykaryp, öňdebaryjy döwletleriň hatarynda tanadýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş...
TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE
Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! Gadyrly lukmanlar! Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de,...