SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN DIPLOMATLARY IХ PEKIN HALKARA WELOSIPED ÝÖRÜŞINE GATNAŞDYLAR
15-nji iýunda Hytaýyň paýtagtynyň Ýansin etrabynda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň goldamagynda Halk hökümeti we Pekiniň Sport komiteti köpçülikleýin welosiped ýörüşini guradylar. Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan 17 kilometrlik köpçülikleýin welosiped ýörüşine ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri, Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary, HHR-yň jemgyýetçilik, sport guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri,...
WATAN GORAGÇYSY BOLMAK–BELENT HORMAT WE JOGAPKÄRÇILIK
Ir bilen Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança Harby akademiýanyň, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasynyň geçýän ýerine öwrüldi. Harby akademiýanyň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň institutynyň uçurymlary bir bitewi nyzama düzüldiler. Şol gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky belent baýdak sütüniniň ý...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ AWSTRIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 13-14-nji iýunynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň türkmen we awstriýa bölekleriniň agzalary, şeýle hem iki tarapdan çagyrylan guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň giň toplumy boýunça özara pikir alyşdylar. Toparyň dokuzynjy mejlisinde öňe sürlen teklipleriň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar, sa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HARBY AKADEMIÝANYŇ HEM-DE HARBY WE HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ UÇURYMLARYNA GUTLAG HATYNY IBERDI
Mähriban uçurymlar! Sizi eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, goranmak ukybyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini ygtybarly goramagy üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bi...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy we şu maksatnama...
RESMI HABAR
Ýurdumyzyň häzirki zaman bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek we olary höweslendirmek boýunça çäreler toplumyny işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça pudagara topar döredildi we bu toparyň düzümi hem-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HGHK-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) ştab-kwartirasynyň Balkan, Gündogar Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky amallar boýunça utgaşdyryjysy j-p Nikolýa Flýoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda HGHK-ň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn geçirildi. Soňra, taraplar global we sebitleýin ynsanperwer häsiýetli meseleler barada...