SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA «AMYDERÝANYŇ AŞAKY AKYMYNDA EKOULGAMLAÝYN ÇEMELEŞMÄNIŇ ESASYNDA ÝERDEN PEÝDALANMAK WE EKOULGAMLARY GORAP SAKLAMAK» ATLY SEBITLEÝIN TASLAMASY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Amyderýanyň aşaky akymynda ekoulgamlaýyn çemeleşmäniň esasynda ýerden peýdalanmak we ekoulgamlary gorap saklamak» atly sebitleýin taslamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa ornaşdyrylýan bu taslamanyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bolup durýandyr. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Ob...
KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-ERMENI GEŇEŞMELERI
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 6-7-nji iýuny aralygynda Ýerewan şäherinde daşary syýasy edaralaryň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça birinji türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän konsullyk meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. ...
«ŞATUMAR» HK DURMUŞ HIMIÝASY SERIŞDELERINI WE PARFÝUMERIÝA ÖNÜMLERINI ÖNDÜRÝÄR
Şu ýyl «Şatumar» hususy kärhanasynyň döredilenine on ýyl dolýar. Şu döwürde kir sodasyny çykarmakdan başlan telekeçilik düzümi durmuş himiýasyny öndürýän iri kärhana öwrüldi. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda işleýän sehde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ýedisi oturdylan. Telekeçiler şol enjamlarda düzüminde gel bolan kir sodalary, şampunlaryň birnäçe görnüşini, suwuk sabyn, gap-gaç, aýna ýuwujy serişdeleri we beýlekileri çykarmagy guradylar. Turbalary hapadan arassalaýan erginleriň, eşik...
TÜRKMEN TÜRGENLERINIŇ BAŞA-BAŞ SÖWEŞIŇ GARYŞYK GÖRNÜŞINDE GAZANAN YNAMLY ÝEŇIŞLERI
Şu ýylyň 28-nji maýyndan 6-njy iýun aralygynda Ukrainanyň Belgorod-Dnestrowskiý şäherinde başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleri (Iňlisçede «Miхed martial arts», gysgaça MMA atlandyrylýan sport görnüşi) boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan türgenleriň 550-si gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistana türgenleriň 3-si wekilçilik edip, her biri örän mynasyp çykyş etmegi başardy. Olar umumy hasapda 10 medaly — 8 altyn we 2 kümüş medaly gazandylar. Içeri i...
SERGEÝ LEBEDEW GDA ÝURTLARYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÝOKARY DEREJEDE GURALANDYGYNY BELLEDI
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň guramaçylygynyň we geçirilişiniň ýokary derejesi üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Türkmeni...
MILLI YKDYSADYÝETIMIZ ÖSÜŞ DEPGININI DURNUKLY SAKLANÝAR
Şu ýylyň geçen bäş aýynyň netijeleri milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň durnukly saklanýandygyny görkezýär. Kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ozalkysy ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar. Garalýan döwürde ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde eksport edilen möçberi 14 göterim artdy. Şol bir wagtda importyň möçberi bolsa 20 göterim azaldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilend...
AŞGABATDA ALEKSANDR PUŞKINIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 220 ÝYLLYGY BELLENILDI
Aşgabadyň Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň adyny göterýän köçesinde ýerleşýän ýadygärliginiň ýanyna A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus umumy bilim berýän mekdebiň okuwçylary, şeýle hem rus şahyrynyň döredijiligine muşdaklaryň ençemsi ýygnandy. Paýtagtyň owadan bagyna ýygnananlar şu ýyl doglan gününiň 220 ýyllygy bellenilýän Beýik Puşkini hatyralamak üçin bu ýere gül desseleri we şahyrana sterleri bilen geldiler. Baga ýygnananlar şahyra bagyşlanan goşgulary okadylar. Puşkin adyndaky m...