img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Maý

RESMI HABAR

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raý...

DOWAMY
pic
29 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ HYZMATDAŞLYGY — NETIJELI GATNAŞYKLARYŇ NUSGASY

BMG bilen köptaraply hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Şol syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze anyk mazmuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine Türkmenista...

DOWAMY
pic
29 Maý

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar! Şu ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Men bu taryhy waka bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu çözgüdi goldap, ýurdumyz bil...

DOWAMY
pic
29 Maý

TMK-NYŇ BÄŞINJI ÝYL TALYPLARY SERGEÝ RAHMANINOWYŇ DIPLOM IŞI BOLAN “ALEKO” OPERASYNY SAHNALAŞDYRDYLAR

Gutardyş synagyna bir aý galanda Moskwa konserwatoriýasynyň şol wagtky talyby Sergeý Rahmaninowa diplom işi hökmünde A. S. Puşkiniň “Syganlar” poemasy esasynda W. N. Nemirowiç-Dançenkonyň librettosyna opera ýazmagy tabşyrýarlar. 19 ýaşly awtor eseri 17 günde döredýär. Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Guwanç Saparalyýewe-de gutardyş synagyna bir aý galanda diplom işi hökmünde “Aleko” operasyny goýmagy tabşyrdylar, konserwatoriýanyň Uly zalynda onuň premýerasy boldy. Oňa konserwatori...

DOWAMY
pic
29 Maý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Ir bilen milli Liderimiz welosipedde «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, ýurdumyzyň Hökümet binasyna geldi. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň hem-de Aşgabadyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär...

DOWAMY
pic
29 Maý

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TARAPYNDAN «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ WE ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK» ATLY REZOLÝUSIÝANYŇ KABUL EDILMEGI BOÝUNÇA BRIFING

2019-njy ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri, Türkmenistanda akkredi...

DOWAMY
pic
29 Maý

AŞGABATDA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwlet...

DOWAMY