img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BERLINDÄKI DIPLOMATIK WEKILHANASYNYŇ IŞGÄRLERI BEÝIK ÝEŇŞIŇ 74 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRELERE GATNAŞDYLAR

9-njy maýda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagyztanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň GFR-da ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynda işleýän kärdeşleri bilen bilelikde Berlindäki Treptow-parkda we Tirgarten parkynda uruşda wepat bolan sowet esgerlerine goýlan Ýadygärliklere gül desseleini goýdular. Faşizmden üstün çykylyp gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli hatyra çärelerine Germaniýanyň federal ministrlikl...

DOWAMY
pic
10 Maý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasyndan gelip gowşan hoş hab...

DOWAMY
pic
9 Maý

BEÝIK ÝEŇŞIŇ HORMATYNA DABARALAR: WETERANLARA HORMAT! GAHRYMANLARA BAKY ŞÖHRAT!

Şu gün ýurdumyzda şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde entek baýramçylyga çenli XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlary, mukaddes borjuny mynasyp berjaý edip, ojaklaryna dolanyp gelenleri, şeýle hem tylda zähmet çekenleri, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryny sylaglamak çäreleri başlandy. Häzirki we geljekki nesilleriň röwşen geljegi we bagtyýarlygy üçin...

DOWAMY
pic
9 Maý

ŞEKILLENDIRIŞ MUZEÝINIŇ SERGISI: BIZ ÝEŇIŞ BILEN GAÝDYP GELDIK!

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Ýeňiş baýramyna bagyşlanan sergisine gelenler eserler bilen tanyşlygy Arslan Muhadowyň “Kakamyň portreti. 1943-nji ýylyň tomsy” suratyndan başlaýarlar. Nazaryň biygtyýar maglumatlar ýazgysynda eglenýär: nakgaş 1951-nji ýylda doglupdyr – diýmek, kakasy uruşdan sag-aman dolanyp gelipdir, surat pederi urşa gitmezden öň alnan surat boýunça 1985-njy ýylda çekilipdir. Onda harby lybasly ýaş ýigidiň nurana keşbi şekillendirilipdir. Suratyň ýerine dü...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA ÝEŇIŞ BAÝRAMY MYNASYBETLI GUTLAGLAR GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti,  Türkmenistanyň Prezidenti  jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA  Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,  Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygynyň bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  Bu şanly günde biz atalarymyzyň we babalarymyzyň — urşa gatnaşanlaryň we tylda zähmet çekenleriň edermenligine baş egýäris, olar şirin janlaryny gaýgyrman, faşizme garşy barlyşyksyz göreşdiler, geljekki nesillerimiz üçin azatly...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KATAR DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen biziň ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser Al Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň gat...

DOWAMY
pic
9 Maý

AŞGABATDA BMG-NIŇ IÝMIT WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çärel...

DOWAMY