img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Mar

DAŞOGUZLY PAGTAÇYLAR GOWAÇA EKIŞINE GIRIŞDILER

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan senesine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatda gowaça ekişine howa ýagdaýlary nazarda tutulyp, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk badalga berilýär.  Asylly däbe görä, ekiş möwsümini hormatly ýaşulular başlap, oňa ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyza, türkmen halkyna, milli Liderimize abadançylyk we rowaçlyk dileg edip, olar topraga ilkinji tohumlary taşladylar....

DOWAMY
pic
26 Mar

PALESTINA DÖWLETINDE DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy martynda Ramalla şäherinde Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Palestina tarapyndan gepleşiklere Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamia ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-palestina gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler we syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň yzygiderliligini belläp geçdiler. Taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn...

DOWAMY
pic
26 Mar

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY DOWAM EDÝÄR

2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary hanym Abe Toşikonyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikler...

DOWAMY
pic
26 Mar

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.  Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapy Eýranyň halkyna...

DOWAMY
pic
26 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA DAŞKENT DUŞUŞYGYNA GATNAŞARLAR

Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Suw hojalygy döwlet komitetiniň hünärmenleri 3-4-nji aprelde Daşkentde geçiriljek howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda Türkmenistana wekilçilik ederler. Duşuşyk Bütindünýä bankynyň başlangyjynyň çäklerinde geçirilýär we döwlet edaralarynyň, sebit hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleriniň 200-e golaýyny birleşdirer. Forum Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Merkezi A...

DOWAMY
pic
26 Mar

TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: DOSTLUK GATNAŞYKLARY WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ýaponiýa ugradylýan wekiliýetiniň agzalarynyň öňünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri goýdy. Milli Liderimiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli, okgunly we dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Günüň dogýan ýurdunyň döwletimiziň ygtybarly işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady....

DOWAMY
pic
26 Mar

NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti,  Türkmenistanyň Prezidenti  jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA  Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,  Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Sizi Halkara Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn!  Bu şanly günde Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna uly bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.  Hormatlamak bilen,  Salome ZURABIŞWILI,  Gruziýanyň Prezidenti.

DOWAMY