img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Mar

HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

Şu gün Halkara zenanlar baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň zenanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Bu dabara türkmen halkynyň zenanlara bolan hormatyny we mähirli gatnaşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler esasynda ýurdumyzda giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemle...

DOWAMY
pic
7 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ «ENE MÄHRI» DIÝEN HORMATLY ADYNY DAKMAK HAKYNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler mähriban halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, agzybir jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly mümkinçilikleri üpjün edýär. Barha gözel görke gelýän Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, ýetýän ýokary sepgitlerine zähmetsöýer zenanlar uly goşant goşýar. Ýaş nesillerimizi Watanym...

DOWAMY
pic
7 Mar

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji kararyna laýyklykda, ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde bermek bellenildi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Ahal, Balkan,...

DOWAMY
pic
7 Mar

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary berkitmek hem-de ösdürmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2019-njy ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

DOWAMY
pic
7 Mar

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň pudagara algy-bergilerini hasaplaşmak we olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 192 million manat möçberde ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyl möhlete karz bermek tabşyryldy.

DOWAMY
pic
7 Mar

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 10-njy mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2019-njy ýylyň 10 — 13-nji marty aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

DOWAMY
pic
6 Mar

RESMI HABARLAR

?Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ýakup Meretmuhammedowiç Annaýew Aşgabat şäheriniň harby prokurory wezipesine bellenilip, Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy. Ýustisiýanyň geňeşçisi Babamyrat Hemraýewiç Gurbanow Mary welaýatynyň proku...

DOWAMY