SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA TUT AGAÇLARYNYŇ MEÝDANY GIŇELDILÝÄR
Demirgazyk sebitde ýazky bag ekiş möwsüminiň dowamynda tut nahallarynyň 60 müňüsi oturdylar, bu bolsa geçen ýyldakydan ep-esli köpdür. Bu bagyň ekiýän meýdanynyň artdyrylmagy tuduň peýdaly sypatlary we onuň ekologiýa taýdan oňaýly täsiri bilen düşündirilýär. Onuň bezeglik sypatlary landşaft dizaýnynyň elementi hökmünde onuň meşhurlygyna ýardam edýär. Mundan başga-da, onuň meýdanynyň giňeldilmeginiň ykdysady ähmiýeti hem bar. Daşoguz welaýaty ýokay hilli ýüpek öndüriji sebitleriň biridir. Diňe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuka Murjiknelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Mamuka Murjikneli öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşykl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SEBITLERI ÖSDÜRMEK MESELELERI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi....
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk we Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy jenap Ýan Peter Olters bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, wekiliýetiň agzalary duşuşygyň gurnalandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly geljeginiň bardygyny belläp ge...
«HAZAR DEŇZI - DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ» ATLY ÝEDINJI OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 4-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş edýärler...
SAÝLAWYŇ ÖŇÜSYRASYNDAKY MÖWSÜMIŇ NOBATDAKY TAPGYRY TAMAMLANDY
5-nji martda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna ozal çykyp gidenleriň ornuna dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Onuň dalaşgärleri görkezmek we bellige almak ýaly, ilkinji iki tapgyry ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna laýyk derejede geçdi. Ýokary halkara kadalara laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esas döredildi. Umuman, milli parlamentiň deputatlygyna 7, halk maslahatlarynyň welaýat derejesindäki agzalygyna 11, onu...
AMYDERÝANYŇ ARNASYNDA BUÝAN ÝYGNAMAK MÖWSÜMI BAŞLANDY
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabadyň “Buýan” obasenagat toplumynyň buýan ýygnaýjy toparlary wajyp senagat çig malyny taýýarlamaga girişdiler. Buýan köküni ýygnaýjylar we ony gaýtadan işleýjiler geçen ýylky görkezijilerden ýokary netije gazanmagy göz öňünde tutýarlar. 2018-nji ýylda olar 16,6 müň tonnadan gowrak buýan köküni ýygnadylar, bu bolsa Türkmenabadyň obasenagat toplumynyň senagat binýadynda önüm çykarmak boýunça meýilnamany artygy...