img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Few

TÜRKMEN LIDERI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINE ÝÜZLENME BILEN ÇYKYŞ ETDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirläp, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtady. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, sebit we halkara syýasatyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, ähli meseleler boýunça özara düşünişendigimizi bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da...

DOWAMY
pic
21 Few

IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARA GOL ÇEKMEK DABARASY

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagy...

DOWAMY
pic
21 Few

GIŇIŞLEÝIN DÜZÜMDE TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganini hem-de owgan wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak meselelerini iň bir netijeli ýagdaýda, doganlyk we özara düşünişmek ruhunda ara alyp ma...

DOWAMY
pic
21 Few

ÝOKARY DEREJEDÄKI IKIÇÄK TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI

Soňra iki ýurduň Liderleri Ruhyýet köşgüne ugraýarlar. Bu ýerde, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk...

DOWAMY
pic
21 Few

GARAŞSYZLYK MEÝDANYNDA OWGANYSTANYŇ PREZIDENTINI RESMI GARŞYLAMAK DABARASY BOLDY

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Irden owgan Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Owganystanyň Prezidentini mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça...

DOWAMY
pic
21 Few

OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDY

2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy. Ol ýerde belent mertebeli myhman Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-...

DOWAMY
pic
21 Few

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ISPANIÝA SAPARY TAMAMLANDY

2019-njy ýylyň 19-21 fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäginde Alikant şäherindäki “Torrewýeha” suw süýjediji zawodynyň işi we gurluşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Daşky gurşawy özgerttmek ministrliginde duşuşyk geçirdi, hususan-da ministrligiň Döwlet sekretary we bölüm başlyklary bilen duşuşdy. Soňra «Toray», «Torishima», «Arflu», «Bel», «Protec Arisawa», «Eleusis», «Rufepa» we «Hermisan» kompaniýalary su...

DOWAMY