SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA “DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA SPORTUŇ TUTÝAN ORNY” ATLY MEDIA-FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forum geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň press-attaşeleri, şeýle...
TÜRKMEN TÜRGENI GYLYÇLAŞMAK BOÝUNÇA AÇYK ÇEMPIONATDA ALTYN MEDALY EÝELEDI
2019-njy ýylyň 17-nji fewralynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medala mynasyp boldy. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr. Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigista...
TÜRKMEN TÜRGENLERI GARLY-BUZLY ÝOLLARDA ÝARYŞMAK BOÝUNÇA DÜNÝÄ KUBOGYNYŇ BIRINJI TAPGYRYNDA ÇYKYŞ ETDILER
2019-njy ýylyň 14-17-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynda geçen «Russiýa-Demirgazyk tokaýy — 2019» atly garly-buzly ýollar boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyryna türkmen sürüjiler topary gatnaşdylar. Biziň watandaşlarymyz Muhammetmyrat we Şamyrat Gurbanowlaryň topary hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar, üçünji orny bolsa Merdan we Şöhrat Toýlyýewler eýeledi. Ralli-reýd boýunça halkara ýaryşda 15 döwletden toparlaryň 29-sy gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz Argenti...
ATAGELDI GARÝAGDYÝEW: TOMAŞAÇYLARYŇ ÖŇÜNDE ÇYKYŞ ETMEKDEN LEZZET ALÝARYN
“Watan” kinokonsert merkeziniň sahnasynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew çykyş etdi. Doga zehinli ussadyň üýtgeşik owazyny diňlemekden lezzet almak üçin bu ýere onuň aýdymlarynyň muşdaklarynyň ençemesi, dost-ýarlarydyr kärdeşleri gelipdirler. Ol tomaşaçylary mübäreklände, hamala, olary bagryna basýan kimin, gollaryny giňden gerdi. Ýurdumyzyň altyn baritony Milli konserwatoriýanyň Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň we konsetmeýster - Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, kabul edilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi. M...
«TÜRKMEN DIPLOMATIÝASY: HALKARA MESELELERI ÇÖZMEGIŇ HYZMATYNDA» ATLY DABARALY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly dabaraly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şu günki wekilçilikli mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryna hem-de derwaýys halkara meseleleri çözmek bilen bagly öňde goýlan wezipelere bagyşlanmagy uly ähmiýete eýedir....
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASY: HALKARA MESELELERI ÇÖZMEGIŇ HYZMATYNDA
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we beýlekiler gatnaşdylar. Ýygnan...