img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Mar

SPORT TANSY MILLI MEKDEBINIŇ WEKILLERINIŇ ÇYKYŞY

“Watan” kinokonsert zalynyň sahnasynda çagalaryň 170-si şowhunly tans konserti bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Sport tansy federasiýasynyň düzümindäki paýtagtymyzyň klublary hasabat konsertini Halkara zenanlar gününe bagyşladylar. Ýaşajyk artistleri goldamaga olaryň ata-eneleri, dost-ýarlary we tans sungatynyň muşdaklarynyň ençemesi gelipdirler. Ýaşajyk zehinler sahna öwrenişmek üçin konsert başlanmazdan bir sagat öň geldiler. Owadan tans köýnekli, saçlary gelşikli timarlanan, gözleri uçg...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNA GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly işgärleriniň gurban bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi. Hormatly Prezidentimiz öz hatynda bu pajygaly habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belläp, şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban...

DOWAMY
pic
11 Mar

ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Filipp Ştalder bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi, gyzgyn kabul edileni üçin minnetdarlygyny bildirip, iki ýurduň global ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda işjeň özara gatnaşyklary belledi. Şeýle hem, j-p Ilçi hemişeki ünsüne hem-de diplomatik i...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KANADANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GURALDY

2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Kanadanyň Ilçisi Kristofer Kuter bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Demirgazyk Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada belledi. Şu nukdaýnazardan alanyňda taraplar, ilkinji ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem halkara guramalaryň, esasan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek bara...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DÖM-NYŇ ÝAŞ ILÇILERI» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçen ýyl yglan edilen  «DÖM-nyň Ýaş ilçileri» atly bäsleşigiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda bäsleşigiň ýeňijilerine bu bäsleşikde gazanan ýeňişleri bilen baglylykda gutlaglar aýdyldy we Durnukly ösüş ma...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ PEKINIŇ HALKARA IŞEWÜRLIGI WE YKDYSADYÝET UNIWERSITETINDÄKI DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 3-9-njy marty aralygynda düzüminde Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instutynyň prorektorlary bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Gazna biržasynyň, Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň, şeýle hem Pekin şäherindäki brokerlik hyzmatlary boýunça konsalting kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşuklary geçirdiler. Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we türk...

DOWAMY
pic
11 Mar

MANGEÝM ŞÄHERINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDÄKI BÜRÜNÇ EÝÝAMYNYŇ ŞALYGY» SERGISINIŇ AÇYLMAGY

2019-njy ýylyň 9-njy martynda Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda «Margiana – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly arheologiki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna 400 golaý adamlar gatnaşdylar, olaryň arasynda Bundestagyň deputatlary, Mangeýmiň syýasy toparlarynyň wekilleri, German-Türkmen forumynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdy. ...

DOWAMY