SOŇKY HABARLAR
MEDENIÝET WE BILIM ULGAMLARYNYŇ WEKILLERI KITABYŇ ÄHMIÝETI BARADA TALYPLAR BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaplar sergisi merkezinde Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň bileikde gurnan “tegelek stoly” “Türkmenistan—rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy. Duşuşyga ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, döredijilik işgärleri, kitaphanalaryň işgärleri we paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenlerden Magtymguly adyndaky TDU-nyň hukuk kafedrasynyň dosenti Aşyrgeldi Jumaýew, Türkmen...
LEBAP WELAÝAT POLISIÝA MÜDIRLIGINIŇ IŞGÄRLERINIŇ MAŞGALALARY TÄZE JAÝLARA GÖÇÜP BARDYLAR
Türkmenabatda dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Zergeriň demir-beton önümleri zawodynyň işgärleri şäheriň günortasynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlaryny bina etdiler. Ýokary amatlykly jaýlaryň taslamasy häzirkizaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Her biri kyrk maşgala niýetlenen täze jaýlarda ýaşaýyş üçin zerur şertleriň ählisi döredilen, olaryň gurluş...
TÜRKMEN YLMYNYŇ ÄGIRTLERI: SARY KARANOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 110 ÝYLLYGYNA
Uly adamlaryň: “Ulalaňda kim boljak?” diýen sowalyna jogap beren çagalaryň köpüsi göwün beren kärinde işlemez. Nätjek, durmuş çaga arzuwlaryny başga ýana ugrukdyryp goýberýär. Köplenç biz muňa garşy bolubam duramzok-da, ýürek köňlümizde beslän arzuwymyzy adaty bir zada çalşyp oňaýýas. Onsoňam, durmuşda esasy zat, haýsy kärde işläniňde däl-de, özüňe berlen ömri daş- töweregiňe has haýyrly sarp edişiňe bagly. Arzuwyňa görä ukybyň irde-giçde ýüze çykar. Elbetde, hiçden giç ýagşy, şonda-da näçe ir b...
TÄHRAN ŞÄHERINDE TÜRKMEN-EÝRAN SYÝASY GEŇEŞMELERI WE KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine üns çekilip bu ugurdaky meseleleriň giň toplumy boýunça...
DAŞKENTDE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK WE SUW SERIŞDELERI BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI–MERKEZI AZIÝA 6-NJY ÝOKARY DEREJELI MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Daşkentde Daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri boýunça Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa 6-njy ýokary derejeli maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw gorlary ulgamynda alnyp barylýan syýasata jogapkär ministrleriň orunbasarlary, diplomatlar we hünärmenler gatnaşdylar. Agzalan Forumda türkmen wekiliýetine Oba we suw hojalyk ministriniň orunbasary ýolbaşylyk etdi. Maslahata gatnaşyjylar daş...
ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ WE KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MERKEZI EDARALARYNYŇ MEJLISLERI
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň IX mejlisi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisi geçirildi, şolarda bu jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlislerde guramaçylyk meselelerine hem garaldy, pensiýa çykmagy sebäpli, G.Baýramowa Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli...
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BARADAKY MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlarynyň taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary hem-de onuň diwanynyň işgärleri, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, köpçülikleýin habar ber...