SOŇKY HABARLAR
ÝERLI ÇIG MALDAN PORTLAND SEMENT ÖNDÜRILIP BAŞLANDY
Türkmen himiýaçylary ýerli çig maly – demir oksidini ulanyp sulfatdurnukly (portland) sement almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Sementiň bu görnüşi tebigy ýagdaýlara, şeýle hem agressiw himiki maddalara durnuklydyr, şonuň üçinem gurluşykda tapylgysyzdyr. Adatça, ol suwasty we ýerasty massiwler betonlananda ulanylýar. “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, Balkan sement zawodynda eýýäm ýerli çig maldan sulfatdurnukly sement önümçiligi özleşdirildi. Onuň ilkinj...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar, 2008-nji ýylyň 19-njy dekabryndan bäri ýola goýulan, Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly soraglaryň hataryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 28-nji...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DÖREDIJILIK STRATEGIÝASY TÄZE NEŞIRLERDE ÖZ BEÝANYNY TAPÝAR
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çap etmäge taýýarlanylan «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany — «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» diýen makala bilen açylýar. Onda döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň ornuna hem-de ähmiýetine üns çekilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenilip...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DÖREDIJILIK STRATEGIÝASY TÄZE NEŞIRLERDE ÖZ BEÝANYNY TAPÝAR
Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalarynyň synyna bagyşlanýar. Neşir däp bolan umumy sözbaşy bilen açylýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň ýokary derejedäki ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary we gepleşikleri beýan edilýär. Şolaryň...
ВЫРОСЛИ ОБЪЁМЫ ЭКСПОРТНЫХ ПОСТАВОК ПРОИЗВОДИМОГО В СТРАНЕ ТЕХНИЧЕСКОГО УГЛЕРОДА
Хазарский химический завод почти вдвое увеличил производство высококачественного технического углерода. По итогам минувшего года, предприятие реализовало на экспорт около двух тысяч тонн углеродного продукта. Основными его потребителями стали компании США, России, Шотландии, Узбекистана и других стран. Выпускаемый в Хазаре в промышленных масштабах технический углерод марки «К-354» широко используется в качестве усиливающего наполнителя при производстве резинотехнических изделий. Кроме того, о...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde duran wezipelerini çözmäge degişli meselelere garaldy. Milli Liderimiz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başly...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ FILIPPINLER RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) Gurbanmämmet Elýasow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlary...