img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Mar

KAKAJAN AŞYROWYŇ HOJA NASREDDIN BARADAKY SAHNA OÝNY: ÇYNLAKAÝ ZATLAR HAKYNDA ÇÜLKÜNÇ HEKAÝAT

Ýurdumyzyň Baş drama teatrynda we Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda Hoja Nasreddine bagyşlanan oýunlar görkezilýär. Ependileriň ikisem şoh, adalatly we ugurtapyjy. Ýöne olaryň hersiniň öz ýoly bar. Alp Arslan adyndaky teatryň oýnunyň baş gahrymany “Ependi, sen kim?” oýnunda obadan şähere gelen bolsa, biz bu barada ozal ýazypdyk, Baş drama teatrynyň “Ependi ýada gülkünç goňşy” oýnunda tersine, şäherden alysdaky obalaryň birine, özem bimany wezipede– kazynyň kölegesi bolup işlemäge gidýär....

DOWAMY
pic
2 Mar

DAŞOGUZDA DÖWREBAP ÝAŞAÝYŞ JAÝLAR TOPLUMY GURULÝAR

Demirgazyk sebitiň günorta-günbatar böleginde, Görogly köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlar toplumy gurlar. Onda ýokary amatlykly köp öýli jaýlar we durmuş ähmiýetli binalar bolar. Ýakyn ýyllarda bu ýerde binalaryň on birisini gurmak göz öňünde tutulýar, olaryň aglaba bölegi kerpiçden bina ediler. “Türkmendemirbetonönümleri” ÖB-niň Daşoguzdaky kärhanasynyň işgärleri täze toplumda iri panelli döwrebap jaýlaryň dördüsiniň düýbini tutdylar, olara şäherli maşgalalaryň 150-si göçüp bararlar. Ozal...

DOWAMY
pic
2 Mar

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, nebit koksuny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Br...

DOWAMY
pic
1 Mar

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňzi — Gara deňiz aralygynda halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň ýörite duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 3 — 5-nji marty aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

DOWAMY
pic
1 Mar

RESMI HABAR

Döwlet mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralarynyň işini düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky Düzgünnama hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

DOWAMY
pic
1 Mar

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 1136-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2019-njy ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryn...

DOWAMY
pic
1 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY S.S.GARAJAÝEW HAKYNDA

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

DOWAMY